Çehiýa 2 rus diplomady ýurtdan çykardy

Premýer ministri Andrež Babiş, Çeh-Rus gatnaşyklaryny zeper ýetirýändikleri sebäpli 2 rus diplomadyň ýurtdan çykarlandygyny belledi

1430379
Çehiýa 2 rus diplomady ýurtdan çykardy

 

Çeh Respublikasy Russiýanyň Pragadaky ilçihanasynda işleýän 2  rus diplomady ýurtdan çykardy.

Çehiýanyň Premýer ministri Andrež Babiş, metbugata beren beýanatynda, Çeh-Rus gatnaşyklaryny zeper ýetirýändikleri sebäpli 2 rus diplomadyň ýurtdan çykarylmagy barada karar kabul edendiklerini aýtdy.

Çehiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda, rus içalysynyň üç çeh ýolbaşçysynyň janyna kast etmek üçin Praga gidendigi öňe sürlüpdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #diplomat , #Çehiýa

Degişli Habarlar