“AstraZenica” koronawirusa garşy sanjym öndürmäge başlar

“AstraZenica” koronawirusa garşy öndürilen potensial sanjymyň öndürilmegine başlanjakdygyny beýan etdi

1430352
“AstraZenica” koronawirusa garşy sanjym öndürmäge başlar

 

Merkezi Britaniýanyň Kemrij şäherinde ýerleşýän derman firmasy “AstraZenica” koronawirusa garşy öndürilen potensial sanjymyň öndürilmegine başlanjakdygyny beýan etdi

Iňlis habar beriş serişdesi “BBC-ä” beýannama beren “AstraZenejanyň” ýokary derejeli wekili Paskal Seriot potensial sanjymyň synaglarynyň dowam edýandigine garamazdan öndürilmäge başlanjakdygyny beýan etdi.

Seriot sanjym öndürmekde mümkin gadar çalt bolunmalydygyny nygtap: “Häzirki wagtda sanjymy öndürmäge başlaýarys. Netijeler gelen mahaly sanjymlar taýar bolmaly” diýdi.

Serit derman firmasynyň koronawirusa garşy 2 milliard doza sanjym öndürip biljekdigini aýtdy.

Sanjymyň synaglarynyň üstünliksiz bolma ähtimallygy barada-da durup geçen Seriot; “Bu kararymyz elbetde sanjym üstünliksiz bolan halatynda maliýe taýdan howplary özünje jemleýär. Eger üstünliksiz bolsak, öndüren sanjymlarymyzyň ählisi puç bolar” diýdi.



Degişli Habarlar