Russiýa Türkiýe bilen bagly beýanat berdi
Russiýa Türkiýe bilen edilýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleriniň bardygyny belledi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa geçiren metbugat ýygnagynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň resmisi Metýu Palmeriň, Türkiýäniň Russiýa bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegine we giňeltmek baradaky islegine Waşingtonyň alada bildirýändigini aýdanddygyny habar berdi.
Mariýa Zaharowa: "Türkiýe bilen köptaralaýyn hyzmatdaşlygymyzyň netijeleri, ikitaraplaýyn bähbide esaslanýan, basyş we mejburlyk bolmadan ikitaraplaýyn hormat esasynda gatnaşyklar döretmegiň saýasynda mümkin boldy" diýip belledi.
Waşingtonda ikitaraplaýyn hormat sözüniň näme manysynyň bardygynyň ýatdan çykarylandygyny aýdan Zaharowa, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky köptaralaýyn gatnaşyklardan nusga alyp boljakdygyny mälim etdi.
Degişli Habarlar

Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Baýden, Ysraýyla şertsiz goldaw bermäge dowam etjekdiklerini ýene-de bir gezek gaýtalady