Koronawirus Dünýä Howp Salmaga Dowam Edýär

Häzirki wagta çenli epidemiýa sebäpli 393,250 adam ýogaldy

1430045
Koronawirus Dünýä Howp Salmaga Dowam Edýär

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany dünýäde 393 müň 250, wirusa ýoluganlaryň sany 6 million 704 müň 700, wirusy ýeňenleriň sany hem 3 million 252 müň 900 adamdan geçdi.

Wirus sebäpli häzirki wagta çenli 273 raýatyny ýitiren Koreýa Respublikasynda soňky 24 sagatda esasy bölegi paýtagt Seulda ýene-de 39 adam hasaba alyndy. Ýurtda koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 11,629 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli käbir ýurtlarda çekilen adam pidalary şeýle: Eýranda 8,071, Hindistanda 6,363, Rýssiýada 5,834, Pakistanda 1,839, Bangladeşde 781, Saud Arabystanynda 611 we Katarda 45 adam.



Degişli Habarlar