Koronawirus sebäpli dünýäde 385 müň adam ýogaldy

Eýranda wirusa ýoluganlaryň sany 3 müň 134 adam artdy

1429112
Koronawirus sebäpli dünýäde 385 müň adam ýogaldy

 

Täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany dünýäde 385 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 6 million 525 müň, wirusy ýeňenleriň sany bolsa 3 million 104 müň adamdan geçdi.

Pakistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 2-i halk deputaty bolmak bilen 67 adam artyp 1688 adama ýetdi. Ýurtda soňky 2 günde 3 halk deputaty epidemiýa sebäpli ýogaldy. 1 günde wirusa ýoluganlaryň sany hem 4 müň 131 adam artyp 80 müň 463 adama ýetdi.

Eýranda koronawirusa ýoluganlaryň sany geçen aý günde 800 adama çenli aşaklapdy, emma düýn wirusa ýoluganlaryň sanynyň 3 müň 134 adam artmagy sebäpli Prezident Hasan Ruhani, halkdan zerur bolmadykça syýahat etmezliklerini isledi we wirusa ýoluganlaryň sany artmaga dowam eden halatynda ýaňadandan käbir çäklendirmeleriň goýuljakdygyny belledi.

Tunisde epidemiýa sebäpli 49 adam ýogaldy, 1087 adam hem hasaba alyndy. 3 aý ozal ybadata ýapylan metjitleriň, kafeler we syýahatçylyk ýerleriniň şu gün açyljakdygy habar berildi.



Degişli Habarlar