Fransiýada rasizme garşy protest ýörüş geçirildi

Fransiýada ABŞ-da Jorj Floýd ýaly göz tussaglygyna alynanyndan soň bogulyp öldürilen 24 ýaşyndaky Adama Traore üçin müňlerçe adam köçele çykdy

1428588
Fransiýada rasizme garşy protest ýörüş geçirildi

Parižiň gubernatorlygynyň demonstrasiýa bilen bagly gadagançylygyna garamazdan "Adama üçin Adalat kollektiwi" çagyryşy bilen Adalat köşgüniň öňünde ýygnanan demonstrantlar, polisiýa işgärleriniň eden-etdiligini protest etdiler. 

Polisiýa işgärleri takmynan 20 müň demonstranta garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulandy. 

"Adama Traore üçin adalat" şygarlary aýdan demonstrantlaryň käbirleri ABŞ-nyň ilçihanasyna tarap ýörediler. 

Ol ýerde Floýdyň ölümi üçin ABŞ-nyň hökümetini protest eden demonstrantlar, sessiz oturmak aksiýasyny geçirdiler. 

Parižiň Içeri işler müdürligi tarapyndan berilen beýanatda, ýurdyň paýtagtynda polisiýa işgärleriniň eden-etdiliginiň protest edilen we Traoreniň ýatlanyp geçilen aksiýada 18 adamyň göz tussaglygyna alynandygy habar berildi. 

ABŞ-da 25-nji maýda göz tussaglygyna alynan mahaly polisiýanyň eden-etdiligi sebäpli ýogalan Floýd üçin ýurdyň çar tarapynda protestler geçirilýär. 

Fransiýada bolsa Adama Traore hem edil amerikaly Jorj Floýd ýaly, 2016-njy ýylda göz tussaglygyna alynan mahaly polisiýa tarapyndan bogulyp öldürilipdi. Wakadan soň berilen beýanatda, Adamanyň saglyk ýagdaýynyň erbetleşendigi we tiz kömek gullugynyň işgärlerine berilendigi aýan edilipdi. Ondan soň bolsa Traoreniň, lukmanlara gowşurylmadan ozal polisiýa gullugyna degişli ulagda ýogalandygy ýüze çykypdy. Wakadaky polisiýa işgärlerine garşy derňew işi başladylmady, kazyýet işi bolsa aradan 4 ýyl geçmegine garamazdan tamamlanmady. 


Etiketkalar: #protest , #Pariž , #Fransiýa

Degişli Habarlar