Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 18 adam ýogaldy

Hüjümçiler halkyň azygyny talady

1427434
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümde 18 adam ýogaldy

 

Nigeriýanyň demirgazyk günbatarynda guralan ýaragly hüjümde 18 adam ýogaldy.

Katsina Içeri işler müdüri Gambo Isa, şahsyýeti näbelli adamlaryň Faskari etrapçasyna hüjüm gurandygyny aýtdy.

Isa, hüjümde 18 adamyň ýogalandygyny, köp sanly adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

Hüjümde birnäçe öýüň oda berlendigini aýdan Isa, ýaragly adamlaryň halkyň azygyny talandygyny ýatlatdy.

Isa, etrapça goşmaça howpsyzlyk güýçleriniň ornaşdyrlandygyny we hüjüm bilen arabaglanlykly derňew işiniň gozgalandygyny nygtady.


Etiketkalar: #azyk , #talamak , #Nigeriýa

Degişli Habarlar