Jorj Floýd üçin Germaniýada protest ýörüşi geçirildi

Protestçylar ýörişde “Jorj Floýd üçin adalat”, “Adalat bolmasa parahatçylyk bolmaz” diýlen şygarlary göterdi

1426464
Jorj Floýd üçin Germaniýada protest ýörüşi geçirildi

 

ABŞ-nyň Minnesota ştatynda polisi işgäri tarapyndan öldürlen Jorj Floýd üçin Germaniýada hem ýöriş geçirildi.

ABŞ-nyň Berlindäki ilçihanasynyň öňünde bir ýere jemlenşen müňlerçe adam, polisiýanyň zulumyna we rasizme garşy protest ýörişini geçirdi.

Protestçylar ýörişde “Jorj Floýd üçin adalat”, “Adalat bolmasa parahatçylyk bolmaz” diýlen şygarlary göterdi.

Edilen çykyşlarda Jorj Floýdyň polisiýa işgäriniň zulumyna sezewar bolan wakasy ýaly birnäçe wakanyň başdan geçirilýändigine üns çekildi.

Çykyşlarda Germaniýada hem köp sanly adamyň rasist hüjümler sebäpli ýogalandygy, oktýabr aýynda bir sinagoga we mart aýynda hem 4-i türk 9 adamyň ýogalmagyna sebäpli bolan Hanau şäherinde guralan rasist hüjümler ýatladyldy.

Protest ýörişi sebäpli ilçihananyň öňünde berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

ABŞ-da 46 ýaşyndaky Jorj Floýd, sişenbe güni galplyk edendigi şübhesi bilen Minneapolis şäherinde polisiýa işgärleri tarapyndan göz tussaglygyna alynýarka, polisiýa işgäriniň birnäçe wagtlap dyzy bilen boýnuna basmagy sebäpli “dem alyp bilmeýärin” diýip ýalwarypdy.

Floýdyň hassahanada ýogalandygy öňe sürülýär, emma waka şaýatlyk edenleriň telefonlaryndaky wideo ýazgylar bolsa halkyň garşylygyna sebäp boldy.



Degişli Habarlar