Owganystanda bolan partlamada 2 çaga ýogaldy

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady

1426126
Owganystanda bolan partlamada 2 çaga ýogaldy

 

Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Kandahar welaýatynda motosiklede goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli 2 çaga ýogaldy.

Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Jemal Nasyr Barikzeý, metbugata beren beýanatynda, Kandaharyň merkezinde motosiklede goýlan bombanyň ýarylmagy sebäpli 2 çaganyň ýogalandygyny aýtdy.

Barikzeý, partlamada asuda ilatdan 5 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.


Etiketkalar: #çaga , #partlama , #Owganystan

Degişli Habarlar