Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 365 müň adamdan geçdi

Günorta Koreýada koronawirusa ýoluganlaryň sanyny artmaga başlamagy sebäpli 500-den gowrak mekdep ýaňadandan ýapyldy

1426055
Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 365 müň adamdan geçdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 365 müň adamdan geçdi. Wirusa ýoluganlaryň sany 6 million adama golaýlady. Wirusy ýeňenleriň sany bolsa 2 million 635 müň  adamdan geçdi.

Günorta Koreýada koronawirusa ýoluganlaryň sanyny artmaga başlamagy sebäpli 500-den gowrak mekdep ýaňadandan ýapyldy. Saglygy goraýyş ministri paýtagt Seulda we golaýdaky şäherlerdäki seýilgähleriň, muzeýleriň we teatrlaryň 2 hepde möhlet bilen ýapylandygyny aýtdy. Kowid-19 sebäpli ýurtda häzire çenli 269 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 58 adam artyp 11 müň 344 adama ýetdi.

Filippinde bolsa Prezident Rodrigo Duterte, paýtagt Manilada 2 aýdan bäri dowam edýän karantinanyň duşenbe gününden başlap tapgyrlaýyn bes ediljekdigini aýtdy. Ýurtda maskasyz daşary çykmak gadagançylygy dowam edýär. Mekdepleriň hem heniz açylmajakdygy habar berildi

Pakistanda soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 57 adam artyp 1317 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 2 müň 636 adam artyp 64 müň 28 adama ýetdi. Ýurtda Kovid-19 sebäpli 21-nji martda ýapylan hawa ýoly gatnawy düýn ýary gije başlady.



Degişli Habarlar