ABŞ Remezanyň ýeriniň anyklana 3 million dollar baýrak berer

Muhammed Kadir Musa Remezan DAIŞ-iň media torundan jogapkär

1425966
ABŞ Remezanyň ýeriniň anyklana 3 million dollar baýrak berer

ABŞ terror guramasy DAIŞ-iň media torundan jogapkär Muhammed Kadir Musa Remezanyň ýeriniň anyklanmagyna goldaw berene 3 million dollar baýrak beriljekgini beýan etdi.

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygy DAIŞ-iň belli serkerdelerinden biri bolan we media işlerini alyp barýan Remezan üçin teklip edilýän baýrak barada ýazmaça beýanamma çap etdi.

Remezanyň iordaniýaly we guramada uzak möhlet iş alyp barýan jogapkärlerden biridigine üns çekilýän beýannamada; “DAIŞ üçin alynyp barylýan propoganda işlerinde möhüm pozisiýa eýeleýäň Remezan, dünýäde ençeme adamyň radikallaşdyrylyp, gurama goşulmagyna sebäp boldy. Aýratynam rehimsiz gynama we ölüm sýužetlerini öz içine alýan ençeme wideo ýazgy bilen onlaýn ýaýlymlaryň meýilleşdiriş işlerini ýola goýdy” diýilýär.

Terror guramasynyň ýolbaşçylarynyň ele salynmagy bilen bagly maglumat üçin wada berilýän pul sylagy ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygynyň “Adalat Üçin Baýrak” atly maksatnamasynyň çäginde beriler.

 

 



Degişli Habarlar