ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 104 müň 500 adamdan geçdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 366 müň 920 adamdan geçdi

1426080
ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 104 müň 500 adamdan geçdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 366 müň 920, wirusa ýoluganlaryň sany 6 million 35 müň 350, wirusy ýeňenleriň sany bolsa 2 million 662 müň 300 adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 104 müň 500 adamdan geçdi. Nýu-Ýorkda wirusa ýoluganlaryň sanynyň resmi görkezijilerden 10 esse köpdügi nygtalýar. Resmi görkezijilere görä şäherde häzire çenli koronawirus sebäpli 376 müň adam hasaba alyndy, 29 müň adam hem ýogaldy. Geçirlen barlaglarda bolsa mart aýynyň ahyrynda Nýu-Ýorkda 2 milliondan gowrak adama wirusyň ýokaşandygy nygtalýar.

Epidemiýanyň Ýewropadaky merkezi Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 324 adam artyp 38 müň 161 adama ýetdi. Wirusa ýoluganalryň sany hem 2 müň 95 adam artyp 271 müň 22 adama ýetdi.

Italiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 33 müň 229 adama ýetdi. Hasaba alynanalryň sany bolsa 1 müň 811 adam azalyp 46 müň 175 adama çenli aşaklady. Soňky 24 sagatda 516 adma wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy.

Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 28 müň 714, wirusa ýoluganlaryň sany 597 adam artyp 224 müň 70 adama ýetdi.

Ispaniýada Kovid-19 sebäpli soňky 1 günde 2 adamyň ýogalmagy bilen jemi ýogalanlaryň sany 27 müň 121, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 658 adam artyp 238 müň 564 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli Argentinada 510 adam ýogaldy, 14 müň 702 adam hem hasaba alyndy. Koronawirusa garşy 20-njy martda yglan edilen köçä çykmak gadagançylygynyň möhledi 7-nji iýuna çenli uzadyldy.

Meksikada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 371 adam artyp 9 müň 415 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 3 müň 227 adam artyp 84 müň 627 adama ýetdi.

Braziliýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 1124 adam artyp 27 müň 944 adama ýetdi.

Kanada-da koronawirusa garşy görlen çäreleriň çäginde ýapylan ybadathanalaryň açylmagy bilen ilkinji Juma namazy okaldy.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar