Russiýa Liwiýa Haftere tabynlykdaky güýçleriň düzüminde söweşmek üçin goşmaça söweşiji ugratdy

Russiýa ozal hem Siriýadan Liwiýa söweşiji ugradypdy

1425754
Russiýa Liwiýa Haftere tabynlykdaky güýçleriň düzüminde söweşmek üçin  goşmaça söweşiji ugratdy

Russiýa, Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astyndaky ýurdyň paýtagty Damask şäherinde ýaşaýan 150 adamy hakyna tutma esger görnüşinde söweşmekleri üçin, Liwiýanyň gündogaryndaky bikanun ýaragly güýçleriň lideri Halife Hafteriň düzümine ugratdy. 

Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä, Russiýa, Damaskyň Zakiýe we Kiswe sebitlerinden Asada tabynlykdaky güýçler bilen hyzmatdaşlyk edýän adamlaryň üsti bilen ylalaşan 150 siriýalyny aýlyk 1000-1500 dollara söweşmekleri üçin Liwiýa ugratdy. 

Asada tabynlykdaky güýçleriň tarapdary bolan hakynan tutma esgerler, Hafteriň düzümine goşulmadan ozal Latakiýe şäherindäki Russiýa degişli Hmeýmim harby howa bazasyna alynyp gidildi. 

Russiýa takmynan 10 gün ozal bolsa Siriýanyň orta zolagyndaky Homs welaýatyndan 600 adamy, şu aýyň başynda bolsa Siriýanyň tapawutly ýerlerinden ýene-de birnäçe ýüz hakynan tutma söweşijini Liwiýa ugradypdy. 



Degişli Habarlar