Russiýada Kovid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 379 müň 51 adama ýetdi

Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 807 müň adamdan geçdi

1424984
Russiýada Kovid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 379 müň 51 adama ýetdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 357 müň 961, wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 807 müň, wirusy ýeňenleriň sany hem 2 million 510 müň adamdan geçdi.

Günorta Koreýada Kovid-19 sebäpli 269 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 11 müň 344 adama ýetdi. 10 müň 340 adam hem sagaldy.

Koronawirusyň ilkinji hasaba alynan ýeri bolan Hytaýda soňky 24 sagatda ýene-de 2 adama wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy. Ýurtda epidemiýa sebäpli 4 müň 634 adam ýogaldy, hasaba alynanlaryň sany 82 müň 955 adama ýetdi. 78 müň 288 keselli sagaldy, 73 keselliniň bejergisi bolsa dowam edýär.

Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 4 müň 142, hasaba alynanlaryň sany 379 müň 51 adama ýetdi, 150 müň 993 adam hem sagaldy.

Müsürde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 19 adam artyp 816 adama ýetdi. 19 müň 666 adam hem hasaba alyndy, 5 müň 205 adam sagaldy.

Ýemende koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 4 adam artyp 53 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 7 adam artyp 256 adama ýetdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 255 adama ýetendigi nygtaldy. Hasaba alynanlaryň sany 31 müň 969 adama ýetdi, 16 müň 371 keselli sagaldy.

Liwiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 adam artyp 4 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany hem 20 adam artyp 99 adama ýetdi.

Koronawirus Marokkoda 202 adamyň ýogalmagyna 7 müň 601 adamyň hasaba alynmagyna sebäp boldy. Wirusy ýeňenleriň sany bolsa 4 müň 978 adama ýetdi.

Singapurda Kovid-19 sebäpli 23 adam ýogaldy, 33 müň 249 adam hem hasaba alyndy.

Afrikada koronawirus sebäpli 3 mň 696 adam ýogaldy, 124 müň 482 adam hem hasaba alyndy. Sagalanlaryň sany bolsa 51 müň 95 adama ýetdi.



Degişli Habarlar