Eýranyň ugradan 5 nebit tankeriniň 3-njisi Wenesuela bardy

Eýranyň Wenesuela ugradan nebit ýüklenen 5 tankeriniň 3-njisi bu ýurdyň suw giňişligine baryp ýetdi

1424335
Eýranyň ugradan 5 nebit tankeriniň 3-njisi Wenesuela bardy

Wenesuelada we Günorta Amerikanyň beýleki ýurtlarynda ýaýlyma berilýän Telesur telewideniýesiniň internet saýtynda berilen habara görä, Wenesuelanyň suw giňişligine hiç hili hadysasyz baran "Petunia" atly 3-nji nebit tankerine Boliwar Ýaragly güýçlerine degişli bir gaýyk ýoldaşlyk etdi. 

Ilkinji tankeriň geçen hepdäniň şenbe güni, 2-njisiniň bolsa düýn Wenesuela barmagyndan soň galan beýleki tankerleriň bolsa 1-nji iýuna çenli bu ýurda barmagyna garaşylýar. 

Eýranyň döwlet telewideniýesi "Fortune", "Forest", "Petunia", "Fakson" we "Klawel" atly, jemi 1 million 53 müň barrel ýangyç daşaýan 5 nebit tankeriniň Wenesuela tarap ýola çykandygyny mälim edipdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduro, Eýrana ugradan nebit ýüklenen tankerleri üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Maduro telewideniýe kanalynda eden çykyşynda, hem Wenesuelanyň hem-de Eýranyň parahatçylyk isleýändigini belläp: "Erkin söwda etmäge hukugymyz bar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar