Koronawirus dünýäde ýaýramaga dowam edýär

Dünýäde wirusa ýolugyp soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 2 million 318 müň 600 adamdan geçdi

1423350
Koronawirus dünýäde ýaýramaga dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 347 müň adamdan geçdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 529 müň 600 adamdan, wirusa ýolugyp soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 2 million 318 müň 600 adamdan geçdi.

Russiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 633 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 353 müň 427 adama ýetdi.

Saud Arabystanynda Kovid-19 sebäpli ýene-de 11 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 390 adama ýetdi. Saud Arabystanynda wirusa ýoluganlaryň sany 72 müň 560 adama ýetdi. 

Kuweýtde soňky 24 sagatda ýene-de 9 adamyň ýogalmagy bilen Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 165 adama ýetdi. Ýurtda ýene-de 665 adamyň wirusa ýolukmagy bilen wirusa ýoluganlaryň sany 21 müň 967 adama ýetdi. 

Katarda ýene-de 2 adamyň ýogalmagy bilen ýurtda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 23 adama ýetdi. Katarda ýene-de 1 müň 521 adamyň wirusa ýolukmagy bilen ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 43 müň 714 adama ýetdi. 

13 adamyň ýogalan Bahreýnde ýene-de 19 adamyň wirusa ýolukmagy bilen ýurtda koronawirusa ýoluganlaryň sany 9 müň 93 adama ýetendigi habar berildi.

26 adamyň ýogalan Liwanda wirusa ýoluganlaryň sany 1 müň 114 adama ýetendigi mälim edildi. 

200 adamyň ýogalan Marokkoda Kovid-19 wirusyna ýoluganlaryň sany 7 müň 495 adama ýetdi.

4 adamyň koronawirus sebäpli ýogalan Siriýada, wirusa ýoluganlaryň sanynyň bolsa 106 adama ýetendigi aýan edildi.  

Epdemiýada häzirki wagta çenli 4 müň 634 adamyň ýogalan Hytaýda soňky 24 sagatda ýene-de 11 adamda, Günorta Koreýada bolsa ýene-de 16 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Ýaponiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 852 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 17 müň 323 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany Eýranda 7 müň 451-e, Hindistanda 4 müň 24-e, Indoneziýada 1 müň 372-ä, Pakistanda 1 müň 167-ä, Müsürde 764-e, Ukrainada 623-e, Bangladeşde 480-e, Günorta Afrika Respublikasynda 429-a, BAE-de 245-e, Belarussiýada 199-a, Yrakda 160-a, Ýemende 42-ä, Omanda 37-ä we Singapurda 23-e ýetdi. 

Afrika materiginde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany jemi 3 müň 353 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 111 müň 825 adama ýetdi. Materikde saglyk ýagdýay gowulaşanlaryň sany bolsa 45 müň adama ýetdi. 

7 adamyň ýogalan, 920 adamyň wirusa ýolugan Zambiýada, ýurdyň Maglumatlar ministri Dora Siliýa koronawirus testi edildi. Siliýa testden soň özüni karantin astyna alandygyny habar berdi. 


Etiketkalar: #Kuweýt , #Katar , #Afrika , #Russiýa

Degişli Habarlar