Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 347 müň adamdan geçdi

Dünýäde wirusa ýolugyp soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 2 million 313 müň adamdan geçdi

1423249
Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 347 müň adamdan geçdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 347 müň adamdan geçdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 520 müň 300 adamdan, wirusa ýolugyp soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 2 million 313 müň adamdan geçdi.

Takmynan 99 müň adamyň ýogalan ABŞ-da, koronawirus epidemiýasynyň Günorta Amerikadaky güýç merkezi bolan Braziliýanyň raýatlarynyň ýurda girmekleri wagtlaýyn bes edildi. Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Keýli Makinani, Braziliýadan ABŞ gelmek isleýän adamlaryň ýurtdaky epidemiýany has hem artdyrmagyna alada bildirýändiklerini belläp, ady agzalan syýahatçylyk çäklendirmesiniň ABŞ-nyň raýatlaryna täsir ýetirmejekdigini we iki ýurdyň arasyndaky söwdanyň dowam etjekdigini habar berdi.

ABŞ-dan soň dünýäde koronawirus wakasynyň iň köp bellige alynan ýurdy bolan Braziliýada, Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 22 müň 746 adama, wirusa ýoluganlaryň 365 müň 213 adama ýetdi. 

Meksikada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda ýene-de 215 adamyň ýogalmagy bilen jemi ýogalanlaryň sany 7 müň 394 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 764 adamlyk artyş bilen 68 müň 620 adama ýetdi. 

Epdemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada adam ýitgisi soňky 24 sagatda 118 adam artyp, 36 müň 793 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 409 adamlyk artyş bilen 259 müň 559 adama ýetdi. 

Italiýada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda, ýurduň Lombardiýa sebitinden daşary, 50 adam artyp, jemi 32 müň 785 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň 158 adamlyk artyş bilen 56 müň 594 adama ýetdi. Ýurdyň Içeri işler ministri koronawirusa garşy görülen çäreleriň gowşadylmagyndan soň, ilkinji hepdäniň ahyrynda daşarda köpçülikleýin häsýetde görüljek ýaşlary jogapkärçilikli çemeleşmekleri, ýogsam epidemiýanyň ýaňadandan yzyna gaýdyp geljekdigi barada duýduryş berdi. 

Fransiýada Kovid-19 sebäpli soňky 24 sagatda hassahanalarda 35 adam ýogaldy, şeýlelik bilen ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 28 müň 367 adama ýetdi. Wirusa ýolugandygy anyklananlaryň sany bolsa 115 adamlyk artyş bilen, 219 müň 437 adama ýetdi. 

Ispaniýada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 1 günde 74 adamlyk artyş bilen, 28 müň 752 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 482 adamlyk artyş bilen 282 müň 852 adama ýetdi. 

Ýewropada koronawirus epidemiýasynyň iň soňky ýüze çykan ýurdy bolan Çernogoriýada, 68 gün soň wirusa ýolugan adamlaryň galmandygy habar berildi. Epdemiýada 9 adamyň ýogalan ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 324 adam hökmünde bellige alynandygy mälim edildi. 

Koronawirus sebäpli beýleki käbir ýurtlardaky adam ýitgileri: Belgiýada 9 müň 280, Germaniýada 8 müň 371, Kanadada 6 müň 424, Gollandiýada 5 müň 822, Şwesiýada 3 müň 998, Peruda 3 müň 456, Ekwadorda 3 müň 108, Şweýsariýada 1 müň 906, Irlandiýada 1 müň 608, Portugaliýada 1 müň 316, Polşada 996, Kolumbiýada 727 we Çilide 718 adam. 



Degişli Habarlar