Türkiýe bilen Russiýa Kowid-19-a garşy bilelikde sanjym taýarlamak üçin işe girişdi

“Türkiýe bilen Russiýanyň bilelikde sanjym taýarlamagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy"

1422151
Türkiýe bilen Russiýa Kowid-19-a garşy bilelikde sanjym taýarlamak üçin işe girişdi

 

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy bilelikde sanjym taýarlamagy üçin gepleşikler başlady.

Russiýanyň Saglygy goraýyş gullugy Rospotrebnadzor tarapyndan berlen beýanata görä, Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Emine Alp Meşe bilen Rospotrebnadzoryň başlygy Anna Popowa, wideo konferensiýa arkaly Kovid-19-a garşy sanjymyň we dermanyň taýarlanmagy hakynda pikir alyşdy.

Wideo konferensiýada Russiýadaky we Türkiýedäki koronawirus kesellileriniň ýagdaýy, epidemiýa garşy görülýän çäreler  bilen wagtlaýyn çäreleriň bes edilmegi meselesi hem seljerildi.

Wideo konferensiýa hakynda berlen beýanatda “Türkiýe bilen Russiýanyň bilelikde sanjym taýarlamagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy” diýildi.


Etiketkalar: #koronawirus , #sanjym , #Russiýa

Degişli Habarlar