Russiýanyň paýtagty Moskwada zamun krizisi başdan geçirildi

Prokuratura waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy

1422472
Russiýanyň paýtagty Moskwada zamun krizisi başdan geçirildi

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde bankyň şahamçalarynyň birine girip, içindäki adamlary zamun alan maskaly adam, polisiýa işgärleriniň geçiren operasiýasy bilen göz tussaglygyna alyndy. 

Moskwanyň Zemlýanoý Wal köçesinde hususy banka degişli şahamça giren maskaly 1 adam içindäki adamlary zamun aldy. 

Resmiler üstünde bomba bardygyny öňe sürüp bankyň ýolbaşçylaryndan köp mukdarda pul talap eden adamyň, kurýer firmalarynyň birinde işleýändigini we üstünde şol firma degişli ýörite egin-eşigiň bardygyny habar berdi. 

Wakanyň bolan ýerine baran Içeri işler edarasynyň işgärleri, adamy geçiren operasiýalary bilen göz tussaglygyna aldylar. 

Prokuratura waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy. 


Etiketkalar: #bank , #Moskwa , #Russiýa

Degişli Habarlar