Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 338 müň adamdan geçdi

Wirusy ýeňenleriň sany 2 million 136 müň adamdan geçdi

1422186
Dünýäde  koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 338 müň adamdan geçdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 338 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 269 müň, wirusy ýeňenleriň sany 2 million 136 müň adamdan geçdi.

Alžide Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 7 adam artyp 562 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 190 adam artyp 7 müň 918 adama ýetdi.

Saud Arabystanynda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 13 adam artyp 364 adama ýetdi. Hasaba alynanlaryň sany 2 müň 642 adam artyp 67 müň 719 adama ýetdi.

Yrakda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 147 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 87 adam artyp 3 müň 964 adama ýetdi.

Katarda Kovid-19 sebäpli ýene-de 2 adam ýogaldy, şeýlelikde ýurtda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 19 adama, hasaba alynanlaryň sany 1830 adam artyp 40 müň 481 adama ýetdi.

Bahreýnde koronawirus sebäpli 12 adam ýogaldy, ýurtda hasaba alynanlaryň sany 164 adam artyp 8 müň 338 adama ýetdi.

Koronawirus Liwanda 26 adamyň ýogalmagyna, 1086 adamyň hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Iordaniýada Kovid-19 sebäpli 9 adam ýogaldy, 700 adam hasaba alyndy.

Liwiýada bolsa epidemiýa sebäpli 3 adam ýogaldy, 72 adam hem hasaba alyndy.



Degişli Habarlar