Owganystanda Talibanlylar bilen Howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy

Owganystanda Talibana agza terrorçylar bilen Howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda 5 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy

1421996
Owganystanda Talibanlylar bilen Howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy

Ýurdyň demirgazyk-gündogaryndaky Badahşan welaýatynyň Içeri işler edarasynyň metbugat sekretary Senaullah Ruhani, Talibanly başbozarlaryň welaýatyň Faizabad şäherine hüjüm guramagy bilen çaknyşygyň ýüze çykandygyny habar berdi. 

Çaknyşykda 5 howpsyzlyk gullukçysy bilen 14 başbozaryň ýogalandygyny aýdan Ruhani, 6 howpsyzlyk gullukçysy bilen 10 başbozaryň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi. 

Ruhani hüjümiň yzyna serpikdirilendigini belläp, Taliban tarapyndan hadysa bilen bagly entek beýanat berilmedi. 


Etiketkalar: #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar