Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 5 million 198 müň 307 adamdan geçdi

wirusy ýeňenleriň sany hem 2 million 83 müň 318 damdan geçdi

1421675
Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 5 million 198 müň 307 adamdan geçdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 334 müň 689 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 198 müň 307, wirusy ýeňenleriň sany hem 2 million 83 müň 318 damdan geçdi.

Hytaýda epidemiýa sebäpli 4 müň 634 adam ýogaldy. Soňky 1 günde ýene-de 4 adamyň koronawirusa ýolugandygy anyklanyldy. Şeýlelikde ýurtda hasaba alynanlarň sany 82 müň 971 adama ýetdi.

Günorta Koreýada soňky 24 sagatda koronawirusa ýoluganlaryň sany 20 adam artyp 11 müň 142 adama ýetdi.

Günorta Afrika Respublikasynda täze görnüş koronawirusa ýolugan 2 günlük bäbejik ýogaldy. Ýurtda wirus sebäpli 339 adam ýogaldy, 18 müňden gowrak adam hem hasaba alyndy.

Sudanda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 10 adam artyp 121 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 3 müň 138 adam.

Ýemende koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 33, hasaba alynanlaryň sany 197 adama ýetdi. Hökümet,  epidemiýa garşy göreşde saglygy goraýyş işgärlerine goldaw bermegi maksady bilen halkara hünärmenleriň ugradylmagy üçin çagyryş berdi.

Afrikada wirus sebäpli ýogalanlaryň jemi sany 3 müň 31, hasaba alynanlaryň sany hem 96 müň 829 adam.

Kovid-19 sebäpli Eýranda 7 müň 249, Hytaýda 4 müň 634, Hindistanda 3 müň 585, Russiýada 3 müň 99, Indoneziýada 1278, Pakistanda 1067, Bangladeşde 408, Saud Arabystanynda 351, Birleşen Arap Emirliklerinde 237, Singapurda 23 we Katarda 17 adam ýogaldy.


Etiketkalar: #Kovid-19 , #Sudan , #koronawirus

Degişli Habarlar