Eýranyň Pakistan serhedinde çaknyşyk boldy

Wakada 2 adam ýogaldy

1421804
Eýranyň Pakistan serhedinde çaknyşyk boldy

Eýranyň Pakistan serhediniň golaýyndaky sebitde howpsyzlyk güýçleri bilen ýaragly toparyň arasynda çaknyşyk boldy.

Tesnim habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Sistan-Buljystan welaýatynyň Serbaz etrabynda şu gün irden howpsyzlyk güýçleri bilen ýaragly toparyň arasynda çaknyşyk boldy.

Ýaragly çaknyşygyň netijesinde 2 polisiýa işgäri ýogaldy.  

Habarda ýaragly topar barada bolsa maglumat berilmedi. 


Etiketkalar: #çaknyşyk , #Pakistan , #Eýran

Degişli Habarlar