ABŞ koronawirus howpuna garamazdan mart aýyndan bäri azyndan müň migrant çagany ýurtdan çykardy

ABŞ hossarsyz azyndan müň migrant  çagany Meksika, Salwadora, Gwatemala we Gondurasa uratdy

1421472
ABŞ koronawirus howpuna garamazdan mart aýyndan bäri azyndan müň migrant çagany ýurtdan çykardy

 

ABŞ-nyň, täze görnüş koronawirus epidemiýasy howpuna garamazdan mart aýyndan bäri azyndan müň migrant çagany ýurtdan çykarandygy habar berildi.

BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi,  ABŞ-nyň hossarsyz azyndan müň migrant  çagany ýurtdan çykarandygyny we Meksika, Salwadora, Gwatemala we Gondurasa urandygyny mälim etdi.

Ady agzalýan döwürde Meksikanyň hem 447 migrant çagany Gwatemala we Gondurasa ugrandygy nygtaldy.

Yzyna ugradylan şol çagalaryň ýurtlarynda täze görnüş koronawirusa ýolugandyklary garaýşy bilen zuluma sezebar bolup biljekdigi barada duýduryş berildi.


Etiketkalar: #çaga , #migrant , #ABŞ , #Meksika

Degişli Habarlar