ABŞ-da epidemiýa sebäpli 96 müň 389 adam ýogaldy

koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 335 müň 108 adamdan geçdi

1422075
ABŞ-da epidemiýa sebäpli 96 müň 389 adam ýogaldy

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 335 müň 108 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 219 müň 900, wirusy ýeňenleriň sany hem 2 million 97 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da epidemiýa sebäpli 96 müň 389 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 622 müň 342 adamdan geçdi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Kovid-19 sebäpli ýogalanlar üçin ýurtda 3 günüň dowamynda baýdaklaryň ýarysyna aşakladyljakdygyny aýtdy. Tramp epidemiýa sebäpli ikinji tolkun gelen halatynda ykdysady pudagyň öz işini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 156 adam artyp 32 müň 486 adama ýetdi. Hasaba alynanlaryň sany 1792 adam azalyp 60 müň 960 adama çenli aşaklady.

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 83 adam artyp 28 müň 215, wirusa ýoluganlaryň sany 181 müň 826 adama ýetdi.

Ispaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 48 adam artyp 27 müň 940 adama ýetdi. Soňky 1 günde ýene-de 344 adama wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy. Ylym ministri Pedro Dugue, Ispaniýada dowam edýän Kowid-19-a garşy sanjymyň taýarlanmagy baradaky işleriň çäginde, sanjymyň güýz aýlarynda synagdan geçirilmegine garaşylýandygyny belledi.

Germaniýada epidemiýa sebäpli 8 müň 309 adam ýogaldy, ýurtda Kovid-19 sebäpli ybadata ýapylan metjitlerde şu gün ilkinji gezek Juma namazy okaldy.

Latyn Amerika ýurdy Meksikada koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda 424 adam ýogaldy. Şeýlelikde ýurtda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 6 müň 90 adama ýetdi. Hasaba alynanlaryň sany hem 2 müň 248 adam artyp 56 müň 594 adama ýetdi.

Braziliýada koronawirus sebäpli 20 müň 47 adam ýogaldy.

Kovid-19 Britaniýada 36 müň 393, Belgiýada 9 müň 212, Kanada-da 6 müň 152, Gollandiýada 5 müň 775, Şwesiýada 3 müň 871, Peruda 3 müň 148, Ekwadorda 2 müň 939, Şweýsariýada 1898, Irlandiýada 1583, Portugaliýada 1277, Polşada 972, Çilide 589 we Belarusda 185 adam ýogaldy.


Etiketkalar: #Kovid-19 , #ABŞ , #koronawirus

Degişli Habarlar