ABŞ Russiýa dem alyş enjamlar ugradar

Mesele bilen bagly Maýk Pompeo beýanat berdi

1421167
ABŞ Russiýa dem alyş enjamlar ugradar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maý Pompeo, Russiýa koronawirus epidemiýasyna garşy göreş üçin 200 sany dem alyş enjam ugratjakdyklaryny habar berdi. 

Pompeo, ABŞ-nyň kovid-19 epidemiýasy bilen baglanşykly eden lukmançylyk enjamlary bilen bagly kömegi barasynda özüniň Twitter hasabyndan ýazmaça beýanat berdi. 

ABŞ-nyň epidemiýa garşy göreşde haýyr-sahawat we ýardam babatynda global liderdigini aýdan Pompeo, 60 ýurda 15 müň dem alyş enjam ugratmagy meýilleşdirýändiklerini mälim etdi. 

Russiýa hem goldaw berendiklerini aýdan Pompeo: "ABŞ Russiýanyň halkyna Amerikada öndürilen 200 dem alyş enjam berer" diýip aýan etdi. 

Russiýa hem öz gezeginde geçen aý AN-124 kysymly ýük uçary bilen ABŞ-e lukmançylyk enjam kömegini ugradypdy. 


Etiketkalar: #Maýk Pompeo , #ABŞ , #Russiýa

Degişli Habarlar