Liwiýanyň ýaragly güýçleri, Watiýýe howa bazasyny yzyna almak üçin operasiýalar guraýar

Watiýýe harby howa bazasyna soňky 24 sagatda 5 howa hüjümi guraldy

1419231
Liwiýanyň ýaragly güýçleri, Watiýýe howa bazasyny yzyna almak üçin operasiýalar guraýar

Liwiýanyň ýaragly güýçleri tarapyndan , ýurduň gündogarynda iş alyp barýan illegal ýaragly güýçleriň lideri Halife Haftara tabynlykdaky başbozarlaryň basyp alyşlygy astynda bolan Watiýýe harby howa bazasyna soňky 24 sagatda 5 howa hüjümi guraldy.

Howa hüjümlerinde Haftaraň başbozarlaryna degişli harby ulaglar we harby enjam hatardan çykaryldy, 7 başbozar täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykarar edilen Liwiýanyň hökümetiniň harby goşuny 27-nji martda “Parahatçylyk şemaly” atly operasiýa başladypdy.

Operasiýanyň çäginde Tripoliniň günbatarynda ýerleşýän 7 etrapça bilen 1 şäher Haftara tabynlykdaky güýçlerden yzyna alnypdy we paýtagtdan Tunis serhedine çenli uzap gidýän kenarýaka zolagynda 3 müň kilometrlik meýdan başbozarlardan saplanypdy.

Çölüň ortasynda ýerleşýän Watiýýe howa bazasy, 7-10 müň esgerlik mümkinçiligi bilen strategiýa taýdan uly ähmiýete eýe.

Liwiýanyň ýaragly güýçleri, howa bazasyny yzyna almak üçin operasiýalar guraýar

 


Etiketkalar: #operasiýa , #Haftar , #Liwiýa

Degişli Habarlar