Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 4 million 830 müň 290 adama ýetdi

Dünýäde koronawurisa ýoluganyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 1 million 871 müň 600 adamdan geçdi

1419477
Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 4 million 830 müň 290 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 317 müň 200 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 4 million 830 müň 290 adamdan, koronawurisa ýoluganyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 1 million 871 müň 600 adamdan geçdi. 

Häzirki wagta çenli 4 adamyň ýogalan DKTR-de soňky 24 sagatda položitel waka hasaba alynmady. Ýurtda Kovid-19 wakasy soňky gezek 17-nji aprelde hasaba alynypdy. 

Hytaýda koronawirus wakalarynyň ýaňadandan artan sebitlerde ýerli 6 ýolbaşçy wezipesinden çetleşdirildi. Beýleki tarapdan Şanşi welaýatynyň Halk kongresi, aglaba adam tarapyndan edilýän ýere tüýkürmek endigini Kovid-19 epidemiýasy etabynda halk üçin bir howp emele getirip biljekdigi sebäpli kabul eden karar bilen gadagan etdi. Kabul edilen täze kanuna görä ýere tüýkürýänler we tükürenlerinden soň arassalamaýanlar 70 dollara ýenli pul jerimesine sezewar ediler. Ýurtda şu günki güne çenli koronawirus sebäpli 4 müň 634 adam ýogaldy. 

Gazada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli takmynan 2 aý ýapyk bolan metjitleriň jumga we baýram namazlary üçin açylmagy barada karara gelindi. Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi Gazada 20 adamda koronawirusyň anyklanandygyny, şolaryň 16-synyň saglyk ýagdýaynyň gowulaşandygyny, soňky 4 adamyň bolsa saglyk ýagdaýlarynyň gowudygyny we bejergileriniň dowam edýändigini habar beripdi. 

Gündogar Afrika ýurdy bolan Madagaskarda koronawirus sebäpli ilkinji gezek 1 adam ýogaldy. Soňky 24 sagatda ýene-de 24 adamda koronawirusyň bardygy anyklananyndan soň, wirusa ýoluganlaryň sany 189 adama ýeten ýurtda, şolaryň 114-siniň saglyk ýagdaýynyň gowulaşandygy mälim edildi. Hökümet saglygy goraýyş bilen bagly kabul eden adatdan daşary ýagdaýyň möhledini 16-njy maýdan başlap ýene-de 15 gün uzatdy. 

Pakistanyň gözegçiligi astyndaky Azad Jammu we Kaşmir sebitinde Kovid-19 sebäpli görülen öňüni alyş çäreleriň möhledi, koronawirusa ýolugan adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli uzadyldy. 

Kovid-19-dan şu günki güne çenli 3 müň 29 adamyň ýogalan Hindistanda soňky 24 sagatda wirusa ýene-de 5 müň 242 adamyň ýolugandygy anyklandy. Şeýlelik bilen ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 96 müň 169 adama ýetdi. 

Käbir Gündogar ýurtlaryndaky adam ýitgileri şu aşakdaky ýaly: Eýranda 7 müň 57 adam, Hytaýda 4 müň 634 adam, Russiýada 2 müň 722 adam, Pakistanda 903 adam, Bangldeşde 328 adam, Saud Arabystanyna 312 adam, BAE-de 220 adam, Belarussiýada 165 adam, Singapurda 22 adam we Katarda 15 adam ýogaldy. 



Degişli Habarlar