Siriýanyň Afrin etrabynda bombaly hüjüm guraldy

Terrorçylykly hüjümiň netijesinde asuda ilatdan 2 adam ýaralandy

1417023
Siriýanyň Afrin etrabynda bombaly hüjüm guraldy

Siriýanyň demirgazygyndaky Afrin etrabynyň merkezinde ýoluň gyrasyna goýulan ulaga ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde asuda ilatdan 2 adam ýaralandy. 

Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen terrordan saplanan Afrin etrap merkezinde ýoluň gyrasyna goýulyp gidilen ulaga ýerleşdirilen bomba partlady. 

Terrorçylykly hüjümiň netijesinde asuda ilatdan 2 adam ýaralandy. 

Partlamadan soň golaýdaky ýerlere zyýan ýetdi, käbir ulaglar ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi. 

Wakanyň ýerinde derňew işlerini geçirýän ýerli howpsyzlyk güýçleri, hüjümiň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK tarapyndan guralandygyny çak edýär. 

Tel Ryfat we Manbij sebitlerinde basyp alyjylykly hereketlerini dowam etdirýän terror guramasy ÝPG/PKK, wagtal-wagtal Bab, Azez, Jerablus we Afrin etraplarynda terrorçylykly aksiýalar guraýar. 

 


Etiketkalar: #bomba , #hüjüm , #Afrin

Degişli Habarlar