Guterriş: “Koronawirus adamyň saglygyna psihiki taýdan-da täsir ýetirýär”

BMG-niň Baş sekretary Antuniu Guterriş koronawirusyň adamyň saglygyna diňe bir fiziki taýdan däl, eýsem pisiki taýdan hem ýaramaz täsir ýetirýändigini aýtdy

1417405
Guterriş: “Koronawirus adamyň saglygyna psihiki taýdan-da täsir ýetirýär”

Guterriş ýaýradan wedeo ýüzlenmesinde ýakynlaryny we işini ýitirmek, karatin we hereket çäkliligi bilen gelejek aladasy ýaly sebäpleriň psihiki taýdan ýaramaz netijeleri ýüze çykaryp biljekdigine ünsi çekdi.

Koronawirus epidemiýasynyň stresi artdyrýandygyny we esasanda saglygy goraýyş gullukçylaryna, garrylara, ýarawsyzlara, dartgynly we uruşly sebitlerde ýaşaýanlara has ýaramaz täsir ýetirýändigini nygtan Guterriş, epidemiýa gözegçilik astyna alynandan soň hem aladaçyllygyň we depressiýanyň adamlara we jemgyýetlere ýaramaz täsirini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Guterriş: “Hökümetlere epidemiýa garşy göreşde psihiki hyzmatlary ýaýbaňlandyrmak we maliýeleşdirmek” üçin çagyryş etdi.

 



Degişli Habarlar