ABŞ-da koronawirusa ýoluganlaryň sany 1 million 430 müň 348 adama ýetdi

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 300 müň adama golaýlady

1417237
ABŞ-da koronawirusa ýoluganlaryň sany 1 million 430 müň 348 adama ýetdi

 

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 300 müň adama golaýlady

Koronawirusa ýoluganlaryň sany dünýä boýunça 4 million 441 müň, epidemiýada wirusa ýolugyp, sagalanlaryň sany bolsa 1 million 668 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 85 müň 187, wirusa ýoluganlaryň sany 1 million 430 müň 348 adama ýetdi. Prezident Donald Tramp, Hytaý bilen söwda şertnamasynyň baglaşylmagyndan gysga wagt soň täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň ýüze çykandygyny nygtap “100 söwda şertnamasy hem ýogalan adamlaryň ýerini doldurup bilmez” diýdi. Paýtagt Waşingtonda epidemiýa sebäpli berlen “öýde gal” görkezmesiniň möhledi 8-nji iýuna çenli uzadyldy. Ilaty 720 müň adamdan geçýän Waşington DS-de häzire çenli 6 müň 584 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy, 350 adam hem ýogaldy. Kaliforniýa State uniwersiteti bolsa epidemiýada täze tolkunyň ýüze çykmak ähtimalygyna garşy okuwlara 2021-nji ýylyň tomus aýlaryna çenli arakesme berdi.

Italiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 195 adam artyp 31 müň 106 adama ýetdi. Koronawirusa ýoluganlaryň sany 2 müň 809 adam azalyp 78 müň 457 adama çenli aşaklady.

Fransiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 83 adam artyp 27 müň 74 adama ýetdi. Wirusa ýoluganlaryň sany 507 adam artyp 214 müň 169 adama ýetdi.

Belgiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 8 müň 903 adama, wirusa ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 307 adam artyp 54 müň 288 adama ýetdi. Epidemiýa sebäpli ýapylan mekdepleriň 18-nji maýda açylmagyna garaşylýar.

Braziliýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 749 adam 13 müň 240 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany Britaniýada 33 müň 186, Ispaniýada 27 müň 321, Germaniýada 7 müň 861, Gollandiýada 5 müň 562, Kanada-da 5 müň 302, Meksikada 4 müň 220, Şwesiýada 3 müň 460, Peruda 2 müň 169, Şweýsariýada 1 müň 870, Irlandiýada 1 müň 497, Portugaliýada 1 müň 175, Çilide 346, Singapurda 21 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar