HPG Müsüre 2 milliard 772 million dollarlyk kredit berer

"Pandemiýa Müsüriň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirip biler"

1416018
HPG Müsüre 2 milliard 772 million dollarlyk kredit berer

 

Halkara Pul gaznasy koronawirusa garşy göreşiň çäginde Müsüre 2 milliard 772 million dollarlyk kredit berer.

HPG-dan berlen beýanatda, pandemiýanyň Müsüriň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirip biljekdigi nygtaldy.

Müsüriň Merkezi banky, geçen hepde penşenbe güni, Kovid-19 epidemiýasy sebäpli walýuta ätiýajynyň aprel aýynyň ahyrynda 7,65 göterim peselip, 37 milliard 37 million dollara çenli aşaklandygyny mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar