Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Dünýä derejesinde koronwairusa ýolugyp soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 1 million 541 müň 300 adamdan geçdi

1415957
Koronawirus epidemiýasy howply bolmagynda galýar

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy (Kovid-19) sebäpli ýogalanlaryň sany 288 müň adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 4 million 282 müň adamdan geçdi. Koronwairusa ýolugyp soň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 1 million 541 müň 300 adamdan geçdi. 

Koronawirus sebäpli häzirki wagta çenli 2 müň 116 adamyň ýogalan Russiýada, wirusa ýoluganlaryň sany 232 müň 243 adama ýetdi. Russiýa koronawirusa ýolugan adam sanynyň köplügi boýunça dünýäde ABŞ-dan soň 2-nji orunda durýar. Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna (Kovid-19) garşy göreşiň çäginde işgärlere berilen rugsadyň möhlediniň 12-nji maýda tamamlanjakdygyny mälim etdi. Koronawirus epidemiýasynyň rus halkynyň girdejilerine we umumy ykdysady şertlerine ýaramaz täsir ýetirendigini aýdan Putin: "Kadalaşma etabynda raýatlary we ykdysadyýeti galkyndyrjak täze bir meýilnama taýarladyk" diýip habar berdi. Beýleki tarapdan Russiýanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow koronawirus testiniň položitel çykandygyny habar berdi. 

Katar howaýollary kärhanasy, koronawirusa garşy göreşiň çäginde dünýä derejesinde saglygy goraýyş edaralarynda işleýän adamlara, mugt 100 müň uçar peteginiň beriljekdigini aýan etdi. Katar howaýollar kärhanasyndan berilen ýazmaça beýanatda, saglygy goraýyş edaralarynda işleýän adamlaryň özleri üçin aýrylan 100 müň sany uçar petegini 12-nji maýdan 18-nji maýa çenli aralykda internediň üsti bilen alyp biljekdikleri habar berildi. 

Ysraýylda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 258-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 16 müň 507 adama ýetdi. 

Koronawirus sebäpli 8 adamyň ýogalan Ýemende hökümet, ýurdyň günortasyndaky wagtlaýyn paýtagty Aden şäherini Kovid-19 we beýleki ýokanç keseller sebäpli epidemiýa zolagy hökmünde yglan etdi. Ýemeniň hökümeti Aden şäherini geçen aý bolsa sil apatynyň sebäp bolan adam ýitgileri we beren zyýany sebäpli apat zolagy hökmünde yglan edipdi. 

DKTR-de bejergi etaby tamamlanan 83 ýaşyndaky soňky syrkaw hem öýüne ugradyldy. Şeýlelik bilen DKTR-de koronawirus bilen kesellän adam galmady. 

Koronawirus sebäpli 6 müň 733 adamyň ýogalan Eýranda 5-nji martda ýapylan mekdepleriň 16-njy maýda açyljakdygyny habar berdi. 

Pakistanda koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 18 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda ýogalan adamlaryň sany 724-e ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa ýene-de 733 adam artyp, jemi 32 müň 674 adama ýetdi. 

Beýleki käbir ýurtlarda adam ýitgileri bolsa şu aşakdaky ýaly: Hytaýda 4 müň 633, Hindistanda 2 müň 294, Indoneziýada 1 müň 7, Ýaponiýada 633, Ukrainada 425, Günorta Koreýada 258, Saud Arabystanynda 255, Bangladeşde 239, BAE-de 201, Modawiýada 179, Belarussiýada 135, Ermenistanda 47, Gazagystanda 32, Singapurda 21, Gyrgyzystanda 12, Gruziýada 11, Özbegistanda 10 adam. 

Afrika materiginde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 2 müň 336 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 66 müň 373 adama, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 23 müň 95 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany Müsürde 533, Alžirde 507, Marokkoda 188, Günorta Afrika Respublikasynda 206, Nigeriýada 150, Kamerunda 114 adama ýetdi. 

Günorta Afrika ýurdy bolan Lesotoda entege çenli koronawirusa gabat gelinmedi. 

Gündogar Afrikada adam ýurdy bolan Mawrikiýde häzirki wagta çenli koronawirus sebäpli 10 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa jemi 332 adam hökmünde bellige alyndy. 



Degişli Habarlar