ABŞ-da türk lukman koronawirus sebäpli ýogaldy

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynda bejergi eden syrkawlarynyň birinden koronawirusa ýolugan türk lukman Halil Sina Zaim ýogaldy

1415364
ABŞ-da türk lukman koronawirus sebäpli ýogaldy

Nýu-Jersi ştatynyň Mountain Lakes şäherinde ýaşaýan Türkiýäniň raýaty Kardiolog we terapewt hünärmeni bolan 69 ýaşyndaky Halil Sina Zaimiň, eýýäm birnäçe wagt bäri koronawirus sebäpli bejergi alýan hassahanada aradan çykdy. 

Türkiýäniň raýaty bolan lukman Halil Sina Zaim Nýu-Ýorkda jaýlandy. 

Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde 1951-nji ýylda dogulan, Türkiýede, Kanadada, Şweýsariýada we ABŞ-da lukmançylyk bilimini alan Halil Sina Zaimiň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, Türk-Amerikan Lukmançylyk jemgyýeti tarapyndan ýaş nahalyň oturdyljakdygy mälim edildi. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, ABŞ-da koronawirus sebäpli häzirki wagta çenli Nýu-Ýorkda we Nýu-Jerside 19, Çikagoda 3 we Floridada 1 bolmak bilen Türkiýäniň jemi 23 raýaty ýogaldy. 


Etiketkalar: #ABŞ , #raýat , #lukman

Degişli Habarlar