Terror guramasy ÝPG/PKK Siriýanyň Türkiýe Serhedinde Tunel Gazmaga Dowam Edýär

Terrorçylaryň tunelleri hüjüm we goranyş maksady bilen gazýandygy habar berilýär

1413499
Terror guramasy ÝPG/PKK Siriýanyň Türkiýe Serhedinde Tunel Gazmaga Dowam Edýär

Russiýa we ABŞ-nyň kepillendirmelerine garamazdan Siriýada howpsyz zolakdan çekilmeýän ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK ýurduň demirgazyk-gündogarynda Türkiýe serhediniň golaýynda tunel we hendek gazmaga dowam edýär.

ÝPG/PKK Hasaka welaýatynyň Türkiýe serhedinde ýerleşýäň Kamyşly etrap merkezi bilen etrabyň demirgazygy we Kamyşly-Amuda etraplarynyň arasyndaky zolakda soňky günlerde gazuw işleriniň depginini güýçlendirdi.

Köp sanly oba-hojalyk maşynlaryny adybir zolaklara getiren terror guramasy bar bolan tunel ulgamlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär.

ÝPG/PKK terrorçylary şol çäkde öňňin ýol çekýändiklerini öňe sürüp, Kamyşly-Amude ýoluny 24 sagat möhlet bilen gatnawa ýapdy.

Türkiýe bilen Russianyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda serhetdäki Aýnal Arab etrabyndan çekilmeli  ÝPG/PKK terrorçylary şol ýede tunel we hendek gazmaga dowam edýär.

Terror guramasy M4 gara ýolunyň ugrunda basyp alan Aýn İsa etrapçasynda-da gazuw işlerini alyp barýar.

Terrorçylar tunelleri guralmagy ähtimal harby operasiýalara garşy durmak, geçiş we duýdansyz hüjüm maksady bilen gazýar.

Türkiýe 2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda başladan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy dowam edýärkä ABŞ we Russiýa bilen özbaşdak ylalaşyklar gazanypdy.



Degişli Habarlar