Owganystanyň Host welaýatynyň Içeri işler edarasynyň müdüri öldürildi

Owganystanyň Host welaýatynyň Içeri işler edarasynyň müdüri general Saýed Ahmad Babazeý bombaly hüjümde ýogaldy

1413293
Owganystanyň Host welaýatynyň Içeri işler edarasynyň müdüri öldürildi

Host welaýatynyň gubernatory Halim Fedai metbugat işgärlerine beren beýanatynda, welaýatyň Içeri işler edarasynyň müdüri Saýed Babazeýiň, Naderşah Kot etrabyna operasiýa gidip barýarka welaýatyň Hoja Rahim diýilen ýerinde bombaly hüjüme sezewar galandygyny habar berdi. 

Hüjümde Babazeý bilen sekretary we bir goragçysynyň ýogalandygyny, bir goragçysynyň bolsa ýaralanandygyny aýdan Halim Fedai, hüjümiň Taliban tarapyndan guralandygyny öňe sürdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 


Etiketkalar: #gubernator , #Host , #Owganystan

Degişli Habarlar