Litwa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi
Litwanyň Daşary işler ministri Linas Linkýawiçýus Türkiýä minnetdarlyk bildirdi
1413479

Türkiýäniň Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen ugradan öýken üçin emeli wentilýatorlar enjamlary Litwa baryp ýetdi.
Litwanyň Daşary işler ministri Linas Linkýawiçýus, öýken üçin emeli wentilýator enjamlarynyň ýurduna baryp ýetendigini sosial media hasabyndan suratyny paýlaşyp mälim etdi.
Linas Linkýawiçýus: "Kovid-19-a garşy göreş boýunça Litwadan we Türkiýeden üstünlikli hyzmatdaşlyk mysaly. Hormatly dostym ministr Mewlüt Çawuşoglyna, Türkiýe Respublikasynyň hökümetine we türk diplomatlara beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi.
Degişli Habarlar

Dünýäde Kowid-19-a ýoluganlaryň sany 100 million adamdan geçdi
Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 72 million 326 müň adama ýetdi