ABŞ Saud Arabystanyndaky esgerlerini yzyna çekermi?

ABŞ-nyň, Saud Arabystanyndaky käbir ýaraglaryny yzyna çekip biljekdigi öňe sürüldi

1413178
ABŞ Saud Arabystanyndaky esgerlerini yzyna çekermi?

 

ABŞ-nyň, Saud Arabystanyna ornaşdyran 4 patriot howa goranyş ulgamlarynyň we esgerleriniň bir bölegini we beýleki käbir ýaraglaryny yzyna çekip biljekdigi öňe sürüldi.

“Woll Street Žournal” gazetine beýanat beren amerikaly käbir ýolbaşçylar, Patriot howa goranyş ulgamlary bilen birlikde Howa güýçlerine degişli iki harby uçar flodynyň Saud Arabystanyndan gaýdandygyny we flodyň Pars aýlagyndaky esgerleriň  sanynyn azaldylmagynyň meýilleşdirilýändigini nygtady.

ABŞ-nyň bu karary käbir ýolbaşçylar tarapyndan Eýranyň indi Amerikanyň bähbitleri taýdan howply bolmandygynyň görkezijisi hökmünde analiz edýärkä, käbir hünärmenler bolsa nebitiň nyrhy meselesinde Saudy hökümetiniň resmi Waşingtonyň beren maslahadyny diňlemändigi sebäpli ABŞ-nyň şeýle karar kabul edendigini öňe sürýär.

 



Degişli Habarlar