Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 256 müň adamdan geçdi

Fransiýada Kovid-19-a garşy görlen çäreleriň 11-nji maýdan başlap tapgyrlaýyn bes edilmegi barada karar kabul edildi

1411601
Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 256 müň adamdan geçdi

Täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany dünýäde 256 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 3 million 700 müň, sagalanlaryň sany bolsa 1 million 225 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 70 müň adamdan geçdi.

Italiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 236 adam artyp 29 müň 315 adama ýetdi, wirusy ýeňenleriň sany 1513 adam azalyp 98 müň 467 adama çenli aşaklady.

Fransiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 330 adam artyp 25 müň 531 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 406 adam artyp 204 müň 659 adama ýetdi. Fransiýada Kovid-19-a garşy görlen çäreleriň 11-nji maýdan başlap tapgyrlaýyn bes edilmegi barada karar kabul edildi.

Britaniýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 693 adam artyp 29 müň 427 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar