"ABŞ-na lukmançylyk enjamlary kömegini beren Türkiýä minnetdarlyk bildirýäris"

"Türkiýäniň beren kömegini takdyr edýänris"

1409603
"ABŞ-na lukmançylyk enjamlary kömegini beren Türkiýä minnetdarlyk bildirýäris"

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli uly ýitgi çeken ýurtlardan biri bolan ABŞ-na lukmançylyk enjamlary kömegini beren Türkiýä sagbolsun aýtdy.

Pompeo, Twitterden beren beýanatynda “NATO agza hyzmatdaşymyz Türkiýä minnetdarlyk bildirýäris. Türkiýäniň kömekleri, dünýäniň çar tarapynda Kowid-19-a garşy göreşýän amerikan firmalaryna hem uly goldaw berýär. Epidemiýanyň bilelikde hötdesinden geleris we has güýçleneris” diýdi.

Wekiller palatasynyň käbir agzalary hem lukmançylyk enjamlary kömegi sebäpli Türkiýä sagbolsun aýtdy.

ABŞ-na epidemiýa garşy göreşde Türkiýäniň beren lukmançylyk enjamlary kömeginiň ýagşy niýetiň we arkalaşygyň görkezijisidigini nygtan Respublikan partiýanyň halk deputaty Aleks Mooneý, “NATO agza hyzmatdaşymyz Türkiýäniň bu kyn günlerimizde bize beren kömegi üçin sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Wekiller palatasynyň Türk Dostluk toparynyň agzasy Stewe Chobat hem “Türkiýäniň Kowid-19-a garşy göreşde uly jogapkärçiligi öz üstüne alan saglygy goraýyş işgärlerimiziň goralmagy üçin bu hepde iki gezek beren kömegi üçin sagbolsun aýdýaryn. Köp sagbol Türkiýe” diýdi.

Demokrat partiýanyň halk deputaty Alcee Hastinh bolsa, Türkiýäniň beren kömegini takdyr edýändiklerini belledi.

Günorta Karolinanyň halk deputaty Wilson hem “ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen ýakyndan gyzyklanýan Türk ostluk toparynyň agzasy hökmünde NATO agza hyzmatdaşymyz Türkiýäniň beren kömegine minnetdarlyk bildirýäris. Bilelikde işleşip, türk we amerikan halkyny Uhan wirusyndan gorarys” diýdi.



Degişli Habarlar