Koronawirus Bütin Dünyä Howp Salmaga Dowam Edýär

Pandemiýa sebäpli ýogalanlaryny 240 müň adamdan geçdi

1409516
Koronawirus Bütin Dünyä Howp Salmaga Dowam Edýär

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 240 müň, wirusa ýoluganlaryň sany 3 million 421 müň adamdan geçdi. Sagalanlaryň sany bolsa 1 million 93 müň adama ýetdi.

Eýranda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 65 adam artyp, 6,156 adama ýetdi.

1222 raýaty aradan çykan Russiýada hasaba alynanlaryň sany 124,54 adama ýetdi. Gurluşyk ministri Wladimir Ýakuşew we orunbasary Dmitriý Wolkow koronawirusa ýolugandygy sebäpli hassahana ýatyryldy. Premýer ministr Mihail Mişustin hem öňňin koronawirus testiniň pozizitiw çykmagy sebäpli özüne karantin yglan etjekdigini aýdypdy.

Yragyň Kürt Awtanomiýasynda epidemiýa sebäpli 4-nji aprelden bäri tapgyrlaýyn häsýetde yglan edilen köçä çykma gadagançylygynyň möhleti 10-njy maýa çenli uzaldyldy. Erbilde ýene-de 6 adamyň hasaba alynmagy bilen jemi keselli sany 387 adama ýetdi.

Koronawirusyň ýüze çykan ýeri bolan Hytaýda soňky 24 sagatda wirus sebäpli hasaba alynan ýada aradan çykan bolmady. Hytaýda epidemiýanyň başyndan bäri 4,633 adam ýogaldy, 82,875 adama bejergi aldy, 77,684 adam sagaldy.

Afrika materiginde täze görnüş koronawirus sebäpli soňky 24 sagatda Müsürde 14, Günota Afrikada 13, Nigeriýada 10, Sudanda 5, Keniýada 4, Alžirde 3 adam ýogaldy. materik boýunça koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 640 adama, hasaba alynanlaryň sany 39,018 adama ýetdi.

Malaýziýada soňky 24 sagatda 105 adamyň wirusa ýolugandygy anyklandy. Jemi hasaba alynanlaryň snay bolsa 6,176 adama ýeten bolsa, 4,326 adam sagaldy.

 



Degişli Habarlar