ABŞ: “Koronawirus adam tarapyndan döredilmedi”

ABŞ-nyň Milli razwedka müdirligi (DNI) koronawirusyň “adam önümi” bolmandygy” we “genetikasynyň özgerdilmändigi” netijesine ýetendigini beýan etdi

1408645
ABŞ: “Koronawirus adam tarapyndan döredilmedi”

DNI-den berilen beýannamada: “Razwedka topary koronawirusyň adam tarapyndan öndürilmändigi ýa-da genetiki taýdan üýtgedilmändigi hakyndaky ylmy görkezijiler bilen ylalaşuar” diýilýär.

Beýannamada: “epidemiýanyň sebäbiniň kesel haýwanlar bilen araganaşyk etmek ýa-da Hytaýyň laboratoriýalary bolup-bolmandygynyň öwrenilýändigi” nygtralýar.

Prezident Donald Tramp we hökümet wirusyň ýüze çykan ýeriniň Hytaýyň Uhan şäherindäki ýokanç keseller laboratoriýasy bolandygyny öňe sürüpdi.

Döwlet Sekretary Maýk Pompeo wirusyň nireden çykandygyny doly anyklamak üçin Hytaýa hünärmenleriň şol laboratoriýa girmegine rugsat bermegi üçin çagyryş edipd.

Pompeo: “Uhanyň Wirologiýa Institutynyň ýabany haýwan bazaryndan birnäçe kilometr alysda ýerleşýändigini bilýäris” diýipdi.

Hytaýly resmiler bolsa şol garaýyşlaryň “esassyzdygyny” beýan edipdi.



Degişli Habarlar