Naço Sançes: "Türkiýä minnetdardyryn" diýdi

Amor, Adalat we ösüş partiýasynyň Brýussel şäherindäki wekili Ruhi Açykgöze niýetläp ýazan hatynda, epidemiýa sebäpli ýogalan türk raýatlary sebäpli gynanç bildirdi

1408440
Naço Sançes: "Türkiýä minnetdardyryn" diýdi

Ýewropa Parlamentiniň Türkiýe habarçysy Naço Sançes Amor, koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde, Ispaniýa bilen birlikde Ýewropa Bileleşigine agza ençeme ýurda we dünýäniň beýleki ýurtlaryna kömek beren Türkiýä minnetdardygyny belledi. 

Adalat we ösüş partiýasynyň Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki wekilhanasynyň Ýewropa Parlamentindäki deputatlaryna, syýasy partiýalara we ÝB-däki ilçihanalara ugradan Kovid-19 epidemiýasy bilen baglanşykly "Raýdaşlyk hatyna", Ýewropa Parlamentiniň habarçysy Naço Sançes Amor tarapyndan minnetdarlyk bildirdildi. 

Naço Sançes Amor, Adalat we ösüş partiýasynyň Brýussel şäherindäki wekili Ruhi Açykgöze niýetläp ýazan hatynda, epidemiýa sebäpli ýogalan türk raýatlary sebäpli gynanç bildirdi. 

Naço Sançes Amor: "Bu kyn döwürde hemmämiz şol bir tarapdadyrys we hatyňyzda dogry belläp geçişiz ýaly, halkara hyzmatdaşlyk we raýdaşlyk mundan beýläk hemişekiden has möhüm. Bilelikde hereket etmelidiris we bu babatda hiç kim öz başyna üstünlik gazanyp bilmez. Şol çäkde Ispaniýa bilen birlikde Ýewropa Bileleşigine agza ençeme ýurda we dünýäniň beýleki ýurtlaryna kömek beren Türkiýä minnetardygymy bellemek isleýärin" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar