ABŞ Türkiýä Minnetdarlyk Bildirdi
Minnetdarlyk Beýannamasy ABŞ-nyň Goranmak ministriniň Ýewropa we NATO syýasatlaryndan jogapkär orunbasarynyň kömekçisi Mişel Raýan tarapyndan berildi

Mişel Raýan: “Türkiýä ABŞ-na beren kömegi we koronawirusa garşy göreşde NATO-nyň çäginde eýeleýän nusgawy liderligi sebäpli minnetdardyrys” diýdi.
Türk we Amerikan resmileriniň bir hepdeden bäri şol kömegi utgaşdyrandyklaryny beýan eden Raýan: “Türkiýäniň İtaliýa we İspaniýa, Britaniýa hem-de Balkan ýurtlaryna beren kömegi ýaly ABŞ-a beren kömegi hem NATO-nyň utgaşdyrmagynda amala aşdy” diýdi.
Prezident R.T.Erdoganyň görkezmesine laýyklykda ABŞ-na ugradylan lukmançylyk enjamlaryndan ybarat bolan kömegi alyp giden Türk ýaragly güýçlerine degişli A400M kysymly harby ýüç uçary düýn Türkiýe wagty boýunça 00:30-da paýtagt Waşingtonyň golaýyndaky Andrews howa menziline gonupdy.
Gutularda 500 müň maska, 400 müň öňlük, 2 müň litr dizinfeksiýa, 500 sany ýüz goraýjy we 400 N95 kysymly maska bilen 1500 goraýjy äýnegiň bardygy habar berilipdi.
Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyndan agyr ýitgi çekýän ABŞ-na lukmançylyk enjamlaryny alyp giden ikinji harby uçary Ankarada uçdy.
Uçaryň uçmagyndan soň ABŞ-nyň Ýewropadaky güýçleriniň serkerdeliginiň Twitter hasabyndan minnetdarlyk ýüzlenmesi berildi.
Ýüzlenmede: “NATO-daky hyzmatdaşymyza sagbolsun aýdýarys. Biz bilelikde hasam güýçli” diýilýär.
Habarnamada Milli goranmak ministrliginiň: “Prezidentimiz Hormatly Erdoganyň görkezmesi boýunça taýarlanan #Covid19 wirusyna garşy göreşde peýdalanyljak ikinji topar lukmançylyk kömek enjamlaryny ABŞ-na alyp giden Türk ýaragly güýçlerine degişli uçarymyz Ankarada ugrady” diýilýän ýüzlenmäni öz içine alýan twitt hem bardy.
NATO-nyň Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki ştab kwartirasyndan berilen ýazmaça beýanmamada bolsa Türkiýäniň epidemiýasynyň başlamagyndan bäri hyzmatdaşlara goldaw berýändigi nygtalyp: “Türkiýe 15 sanysy NATO ýaranyna we 21 sanysy NATO hyzmatdaşy jemi 55 ýurda kömek berdi” diýiltär.
Türk ýaragly güýçlerine degişli ýük uçarlary ozal İspaniýa, İtaliýa, Britaniýa, Serbiýa, Kosowa, Bosniýa-Gersegowina, Demirgazyk Makedoniýa, Garadaga, Liwiýa, Somali Respublikasyna we Günorta Afrika Respublikasyna hem lukmançylyk kömegini alyp gidipdi.