ABŞ Türkiýä Minnetdarlyk Bildirdi

Minnetdarlyk Beýannamasy ABŞ-nyň Goranmak ministriniň Ýewropa we NATO syýasatlaryndan jogapkär orunbasarynyň kömekçisi Mişel Raýan tarapyndan berildi

1407949
ABŞ Türkiýä Minnetdarlyk Bildirdi

Mişel Raýan: “Türkiýä ABŞ-na beren kömegi we koronawirusa garşy göreşde NATO-nyň çäginde eýeleýän nusgawy liderligi sebäpli minnetdardyrys” diýdi.

Türk we Amerikan resmileriniň bir hepdeden bäri şol kömegi utgaşdyrandyklaryny beýan eden Raýan: “Türkiýäniň Italiýa we Ispaniýa, Britaniýa hem-de Balkan ýurtlaryna beren kömegi ýaly ABŞ-a beren kömegi hem NATO-nyň utgaşdyrmagynda amala aşdy” diýdi.

Prezident R.T.Erdoganyň görkezmesine laýyklykda ABŞ-na ugradylan lukmançylyk enjamlaryndan ybarat bolan kömegi alyp giden Türk ýaragly güýçlerine degişli A400M kysymly harby ýüç uçary düýn Türkiýe wagty boýunça 00:30-da paýtagt Waşingtonyň golaýyndaky Andrews howa menziline gonupdy.

Gutularda 500 müň maska, 400 müň öňlük, 2 müň litr dizinfeksiýa, 500 sany ýüz goraýjy we 400 N95 kysymly maska bilen 1500 goraýjy äýnegiň bardygy habar berilipdi.



Degişli Habarlar