Saud Arabystany, uçarmansyz howa ulagyny öndürmek üçin işe girişdi

2021-nji ýylda 6 sany uçarmansyz howa ulagynyň öndürilmegi maksat edinilýär

1406856
Saud Arabystany, uçarmansyz howa ulagyny öndürmek üçin işe girişdi

 

Saud Arabystany, uçarmansyz howa ulagynyň öndürilmegi üçin işe girişilendigini habar berdi.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýanatda, 2021-nji ýylda 6 sany uçarmansyz howa ulagynyň, 5 ýylda hem jemi 40 sany uçarmansyz howa ulagynyň öndürilmeginiň maksat edinilýändigi nygtaldy, emma mesele hakynda giňişleýin maglumat berilmedi.

Saud Arabystanynyň SPA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, gymmaty 200 million dollara barabar bolan ady agzalýan taslamanyň 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 



Degişli Habarlar