Koronawirus howply bolmagynda galýar

Eýranda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 71 adam artyp 5 müň 877 adamdan geçdi

1407260
Koronawirus howply bolmagynda galýar

 

Hytaýda koronawirus sebäpli 4 müň 633 adam ýogaldy, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 82,830 adam. Kowid-19 epidemiýasynyň ýüze çykan ýeri bolan Hytaýyň paýtagty Pekinde we ýurduň iň uly şäheri Şanhaýda orta mekdepler açylmaga başlandy. Uhan şäheriniň ýerleşýän Hubeý welaýatynda wirus sebäpli bejergi alýan keselli ýok.

Eýranda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 71 adam artyp 5 müň 877 adamdan geçdi. Wisura ýoluganlaryň sany bolsa 92 müň 584 adama ýetdi. Wirusyň ýurtda ilkinji gezek hasaba alynan gününden ýagny 19-njy fewraldan bäri epidemiýa sebäpli 100-e golaý saglygy goraýyş işgäri ýogaldy.

Aljirde koronawirus sebäpli 432 adam ýogaldy, jemi hasaba alynanlaryň sany bolsa 3 müň 517 adama ýetdi. Hökümet epidemiýa garşy görülýän çäreleriň çägnde girizilen karantin düzgüniniň möhletini 14-nji maýa çenli uzaltdy.

Pakistanda täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 301 adama ýetdi. 14 müň 79 adam hem hsaba alyndy.

Ysraýylyň gabawy astyndaky Gazada häzire çenli 17 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda koronawirus sebäpli 4 adam ýogaldy 108 adam hem hasaba alyndy. Ýurtda soňky 10 günde hasaba alynan bolmady.

Madagaskaryň koronawirusa garşy öndüren tebigy dermany “Kowid Organike” Sinegaldan soň Gwineýa Bissau tarapyndan hem isleg bildirildi.

Afrikada epidemiýa sebäpli jemi 1467 adam ýogaldy, 33 müň 272 adam hem hasaba alyndy.

 


Etiketkalar: #Hytaý , #koronawirus , #Eýran

Degişli Habarlar