Afrinde guralan bombaly hüjümde ýogalanlaryň sany 40 adama ýetdi

Hyýanatçylykly hüjümde ýogalanlaryň 11-i çaga

1407647
Afrinde guralan bombaly hüjümde ýogalanlaryň sany 40 adama ýetdi
mayin.jpg

Siriýanyň Afrin etrabynda, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň guran bombaly hüjüminde ýogalanlaryň sany 40 adama ýetdi.

Hyýanatçylykly hüjümde ýogalanlaryň 11-i çaga.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, terrorçylaryň, Afriniň etrap merkeziniň gelim gidimli ýerlerinden biri bolan Raju köçeginde bomba ýüklenen tankeriň partladylandygyny habar berdi.

Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatynda: “Adamzadyň duşmany terror guramasy PKK/ÝPG, Afrinde ýene-de asuda ilaty nyşana aldy. Afriniň etrap merkezinde bomba ýüklenen ýangyç tankeri bilen guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, 11-i çaga 40 adam ýogaldy, asuda ilatdan 47 adam hem ýaralandy” diýildi.

Beýleki tarapdan Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde asuda ilaty nyşana almak üçin gizlenip goýulan minalar täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Bombaly hüjümler bilen asuda ilaty nyşana alýan terror guramasy PKK/ÝPG-nyň gizläp goýan minalary täsirsiz ýagdaýa getirilmäge dowam edilýär. Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde asuda ilaty nyşana almak üçin gizlenip goýulan anti-taňk minalar gahryman desantlarymyz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #mina , #Siriýa , #Afrin

Degişli Habarlar