Afrinde guralan terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 20 adam ýogaldy

Ýerli howpsyzlyk güýçleri, hüjümi terror guramasy ÝPG/PKK-nyň gurandygyny çak edýär

1407029
Afrinde guralan terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 20 adam ýogaldy

Siriýanyň Afrin etrabynyň merkezinde asuda ilatyň üýşýän ýerleriniň biri bolan Raju köçesinde içine bomba ýüklenen mazut tankeriniň partladylmagy netijesinde asuda ilatdan azyndan 20 adam ýogaldy, onlarça adam bolsa ýaralandy.

Partlama sebäpli golaýdaky binalara zeper ýetdi, wakanyň golaýyndaky ençeme ulag ýandy. 

Ýaralanan adamlar Afriniň merkezindäki hassahanalarda bejergi astyna alyndy, ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär. 

Ýerli howpsyzlyk güýçleri, hüjümi terror guramasy ÝPG/PKK-nyň gurandygyny çak edýär. 



Degişli Habarlar