Wenesuela Eýrandan ýangyç ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin kömek sorady

Bu barada “AP” habarlar gullugy habar berdi

1404525
Wenesuela Eýrandan ýangyç ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin kömek sorady

Wenesuealanyň Prezidenti Nikola Maduronyň dünýäniň iň baý nebit ätiýajyna eýe bolan ýurdunyň ýangyçsyz galmagynyň öňüni almak üçin könelen zawodlarynyň işledilmegi üçin Eýrandan goldaw sorandygy beýan edildi.

“AP” habarlar gullugynyň mesele boýunça maglumaty bolan nebit edarasynyň iki sany resmisine esaslandyrýan habaryna görä Euranyň Mahan howaýollary kompaniýasyna degişli benzin öndürmekde peýdalanylýan möhüm himiki maddalary alyp gelen ikinji uçar düýn Wenesuelanyň günbataryndaky şäherlerden birine gondy.

Resmilerden biri golaýda eýranly hünärmenleri Wenesuela getirjek ýene-de 14 uçuşyň guralmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Mahan howaýollaryna degişli birinji uçaryň ikinjisi ýaly çarşenbe güni Falkon ştatynda Paraguananyň nebiti gaýtadan işleýän zawodunyň golaýyndaky howa menziline gonanandygy habar berildi.

Wenesuelanyň Aragatnaşyk ministrligi Mahan howaýollary we Eýranyň BMG-niň ýanyndaky wekilhanasy mesele boýunça beýannama bermedi.



Degişli Habarlar